Artykmaç agramdan dynan adamlaryň ýüreklendirýän hekaýalary

Biz özümize täze tomus sezonyna ýa-da belli bir güne çenli artyk agramlarymyzdan dynjagymyza söz berýäris. Her gezegem kararymyz şonlugyna galýar.

Keýt 9 aýda 55 kg horlandy

Keýt 9 aýda 55 kg horlandy

Keýt artyk agramyň özüni rahatsyz etmän, emma bir wagtdan soň semizlik onuň saglygyna zyýan bermäge başlanyny aýdýar. 

Bu gyz iýmit porsiýalaryny kiçeltmek bilen eýýäm ilkinji hepdäniň dowamynda 8 kg horlanypdyr.  Kaloriýalary sanap we günlük maşklar bilen ol 9 aýda 55 kg ýitiripdir. Indi ol hakyky fitnes janköýeri we günde 2 sagadyny  maşk etmäge aýyrýar.  Ýakynda bolsa, Keýt bedenterbiýe mugallymy kärini özleşdirmek üçin okuwy hem gutardy. 

Bu aýal 12 ýylyň dowamynda 57 kg horlanypdyr

Bu aýal 12 ýylyň dowamynda 57 kg horlanypdyr

Bu awstraliýaly aýala 57 kg horlanmak başardypdyr. Onuň horlanmagynyň aslynda şeker iýmegi bes edip, zumba bilen meşgullanmak ýatýar. 

Witaliý 3 ýylda 71 kg

Witaliý 3 ýylda 71 kg

Witaliý öz-özüne iýmitlenme programmasy we türgenleşik sistemasyny düzüpdir. Onuň programmasynyň esasy-  ýokumly maddalaryň balansy (belok, ýag we uglewodlar) hasaplanýar. Iýmitlenmegiň balansly we dürli bolmagy oňa şekere, çörek önümlerine we zyýanly iýmitlere bolan islegini ýok etmäge kömek edipdir. 

Şeýle-de, ol kardiomaşklara has üns beripdir. Ol her gün 10 000 ädim etmäge ýykgyn edýän eken. 

Reýçel 9 aýda 40 kg

Reýçel 9 aýda 40 kg

"Barmagyň şarkyldadyp, 40 kg ýitirmegiň jadyly ýoly ýok.  Diňe günlük rutin: kaloriýa sanawy, saglykly iýmitlenmek we fiziki maşklar. Men bu netijä gelmezden öň, köp dürli diýetalar barlap gördüm. 

Şeýle-de, agramy kiçeltmek uniwersal däri däl, ýagny bir adamyň diýetasyny alyp, ony gaýtalamak mümkin däl. Özüňiz üçin gowy trener we diýetolog tapmaga gaýrat görkeziň. Işläň, işläň we işläň. Her gün we örän uzak wagtlap maşk ediň!-diýip Reýçel paýlaşýar.

Regina 3 ýylda 68 kg

Regina 3 ýylda 68 kg

Regina 68 kg horlanmak başardypdyr. Munuň üçin ol etaplaýyn zyýanly iýmitden gaça durup başlapdyr. Soň bolsa, internetden fitnes programmasyny ýükläp, ony ýerine ýetirmäge başlapdyr. 

Şeýle-de, bu gyz sportzala abonement satyn alyp, gruppalaýyn maşklara gatnaşmaga başlapdyr. Dogry iýmitlenmäge başlaýan Regina, günde 5 gezek iýmitlenýär: ertirlik, öýlän nahary, agşamlyk we olaryň arasyndaky garbanyşlar. 

Paskal 3 ýylda 147kg

Paskal 3 ýylda 147kg

Haçan-da, lukmanlar bu adama gorkunç diagnozlar goýmaga başlanynda, ol radikal üýtgeşmelere karar beripdir. Ol fastfud we süýt önümlerinden gaça durup, gök-önüm, goňur tüwi, kinoa, owes we et önümlerini iýmäge başlapdyr, şeýle-de ol iýmiti "hak etmeli" diýen pikire gulluk edip, her gün iýmit almaga pyýada gatnapdyr. 

Indi Paskal günde 10 km ýol geçip, ýarym fabrikat iýmitlere üns bermän, nahary özi taýynlaýar. 90 kg ýitirmek bilen ol sportzala abonement satyn alýar. Pyýada ýöremek we dogry diýetanyň üstüne ylgama bandy  we agyr atletika hem goşulýar. Bir ýyl soň, ol ýene-de 60 kg ýitirýär. Paskal öz ogly üçin gowy görelde bolmak isleýänini aýdýar. 

Jill 4 ýylda 89 kg

Jill 4 ýylda 89 kg

Jill horlanmazdan öň, ertirligi sypdyryp, örän köp mukdarda çips, şokolad, syr we beýleki zyýanly iýmitleri iýenini aýdýar. Indi ol ertirlige kaşa we ir-iýmiş iýýär, fastfudyň ýerine bolsa, salat iýmegi saýlaýar.

Ol öz horlanmak isleýänleriň gruppasynda adamlary bu işe ýüreklendirmek bilen meşgullanýar. "Men marafona taýynlanýan, mende güneşden hem köp energiýa bar"- diýip Jill aýdýar. 

Kler 6 aýda 15 kg

Kler 6 aýda 15 kg

Britan telewideniýe alyp baryjysy Kler Nasire özünde kikboks, gantelli ,  otžimaniýe, oturyp-galmak we ylgamak ýaly maşklary jemleýän 6 aýlyk erjel türgenleşikden soň, 15 kg horlanmak başardypdyr.