Awtoulagyňyz üçin ugurtapyjy pikirler

Dünýä ýüzündäki ökde sürüjileri tarapyndan toplanan paýhas, awtoulagdaky ýürege düşýän käbir kynçylyklary ýeňip geçmekde we sürüjiligi has hem rahat etmekde size kömek edip biler. Siziň dykgatyňyza täze we ökde sürüjiler üçin birnäçe peýdaly maslahat.

1. Çagalary bilen syýahat edýänler üçin

Çagalary bilen syýahat edýänler üçin

Çagalaryňyza gerek bolan ähli zatlary eliniň astynda saklamak üçin hammam üçin niýetlenen haltajyklaryulanyp bilersiňiz. Indi krem, arlyk, iýmit çüýşesini tapmak üçin ähli awtoulagy gözlemek gerek bolmaz. 

2. Awtoulagyňyzy nähili tiz sowatmaly?

Awtoulagyňyzy nähili tiz sowatmaly?

Öňki penjireleriň birini doly açyň, soňra garşy tarapdaky yzky gapyny birnäçe gezek açyp ýapyň. Daşyndan seredilende samsyga meňzeýän ýaly bolarsyňyz, emma ynanyň, awtoulagyň içindäki gyzgynlygyň derejesini düşürer. 

3. Sypjyryklary nähili aýyrmaly

Sypjyryklary nähili aýyrmaly

Üns bilen saýlanan dyrnak lagy awtoulagyňyzdaky sypjyryklary görünmez hala getirip biler. Öňki aýnadaky jaýryklar bilen göreşmek üçin wagtlaýynça dury (görünmeýän) lak örän netijelidir. Jaýrygyň has hem ulalmagynyň öňüni almak üçin 2-3 gat lak çalyň. 

4. Eger awtoulag ussasy sizi aldaýandyr diýip alada etseňiz

Eger awtoulag ussasy sizi aldaýandyr diýip alada etseňiz

Eger ussa awtoulagyňyzdaky näsazlyklary ulaldyp sizi aldaýandyr diýip pikir etseňiz, awtoulagyňyzda sazly işleýän we hiç hili näsazlygy bolmadyk ätiýaçlyk şaýlary hakynda sorag berip görüň. Eger işläp duran parçada kemçilik tapsa, diýmek ol ýalan sözleýändir. 

5. Awtoulagyňyzdaky köne ýelmewaçlary nähili aýyrmaly

Awtoulagyňyzdaky köne ýelmewaçlary nähili aýyrmaly

Gazediň bölejigini ýyly suwa batyryp, ýelmewajyň üstüne 10 minutlap goýuň.

6. Gapydaky gulp doňup galan bolsa näme etmeli

Gapydaky gulp doňup galan bolsa näme etmeli

Doňup galan gulpy eretmek üçin Anti-bakterial geli ulanyp bilersiňiz. Barmagyňyzyň ujuna bir damja damdyryp gulpuň ýüzüne çalyň. Geliň düzümindäki spirt buzuň tiz eremegine kömek eder. Geli açaryň özüne çalyp bilersiňiz. 

7. Kagyz salfetkalary eliň aşagynda saklamagyň usuly

Kagyz salfetkalary eliň aşagynda saklamagyň usuly

Kofeden boşan gapakly kagyz gap, salfetkalary ýa-da ýaglygy saklamak üçin örän oňaýlydyr.

8. Smartfonyňyz üçin ýönekeý saklaýjyny nähili ýasamaly

Smartfonyňyz üçin ýönekeý saklaýjyny nähili ýasamaly

Adaty pul üçin rezini ulanyp bilersiňiz

9. Awtoulagyňy tämiz saklamak

Awtoulagyňy tämiz saklamak

Iýmit gutusyny çöp sebeti hökmünde ulanyp bilersiňiz

10. Awtoulagy parkowka etmekde kynçylyk çekýänler üçin

Awtoulagy parkowka etmekde kynçylyk çekýänler üçin

Eger-de sürüjilik şahadatnamasyny ýaňy-ýakynda alan bolsaňyz we awtoulagy dolandyrmak kynçylyk döredýän bolsa, onda siziň üçin kiçiräk kömek. Garažda ýa-da howluda awtoulagyň durjak ýerinde tennis topuny ýa-da reňkli oýunjak sallap goýuň. Bu size awtoulagyň ölçeglerini duýmaga we gerek ýerinden öňe gitmekden kömek eder.

11. Öňki çyralary arassalamak

Öňki çyralary arassalamak

Belki-de hiç bilmeýän bolsaňyz gerek, emma adaty diş pastasy gymmat bahaly awtoulag çyralaryny arassalaýjy serişdeleriniň ýerini tutup biler. Diş çotganyň ýa-da mata bölejiginiň üstüne biraz sykyň we orta basyş bilen çyra çalyp sürtäň. Suw bilen  ýuwup aýyryň.

12. Barmasy kyn ýerleri nähili arassalamaly

Barmasy kyn ýerleri nähili arassalamaly

Adaty reňk çotgasy barmasy kyn ýerleri tozandan arassalamak üçin amatly bolar

13. Awtoulagyň gapysyny çyzyklardan nähili goramaly

Awtoulagyň gapysyny çyzyklardan nähili goramaly

Darajyk garažy ýa-da howlusy bolan awtoulag eýeleri üçin ýönekeýje mysal: gapynyň degaýjek ýerinde diwarda ýumşak mata, rezin turba we ş.m. zatlary kesip diwara berkitseňiz bolany. Awtoulagdan çykan wagtyňyz gapynyň diwara degip zaýalanmagyndan halas eder.

14. Ähli ýagdaýa taýýar bolmak üçin näme etmeli

Ähli ýagdaýa taýýar bolmak üçin näme etmeli

Öňüni alyp bomajak ýagdaýlar ýüze çykanda, awtoulagyňyzda elmydama halas ediş torbasyny saklaň - ulanyp bolaýjak telefon ýa-da ätiýaçlyk telefon batareýasy; iýmit  we suw; ýyly egin-eşik ýa-da ýorgan; ilkinji kömek gutusy