Aýal 38 ýyl mundan ozal janyny halas eden şepagat uýasyny gözläp tapdy

Bäbek wagty, Amanda Skarpinati gyzgyn bugdan ýanan şikes bilen ABŞ-yň Albani Medisina Merkezine ýerleşdirildi. Dikeldiş wagtynda onuň saglygyna ýaş şepagat uýasy seredipdir. Bilelikde düşürilen suratlary hassahananyň 1997-nji ýyldaky hasabatynda neşir edilipdir. Amanda bu şepagat uýasyny tapmak maksady bilen suraty ömürböýy saklapdyr.

Ençeme ýyllap Amanda şepagat uýasyny tapjak bolupdyr. Emma synanyşyklar şowsuzdy. Sebäbi şepagat uýasynyň ady hasabatlarda hem bellenip geçmeýärdi. Muňa garamazdan, Amanda sosial media ulgamlaryna ýüz tutup, öz Facebook sahypasynda bolup geçen wakasyny we suratlary ýerleşdiripdir. Jogap dessine geldi - bir günüň dowamynda - ol ýaşajyk şepagat uýasy Sýuzan Berger bolup çykdy.

Sýuzan ol gyzjagazy tanady: "Amanda örän ýuwaş we parahatdy. Köplenç halatlarda çagalar hirurgiýa otagynda çykanlarynda ýa uklaýarlar ýa-da aglaýarlar. Amanda bolsa örän ýuwaşdy we ynamlydy. Bu meni diýseň geň galdyrdy". 

Iki hepdeden soňra olar wakanyň 38 ýyl mundan ozal bolup geçen ýerinde - Albani Medisina Merkezinde duşuşdylar.

Suratlarda Sýuzan 21 ýaşyndady we elindäki çaga onuň ilkinji näsaglarynyň biridi. Ol öz işini dogry we düzgün ýerine ýetireni üçin 38 ýyldan soň beýle ýyly duşuşyga hiç garaşmaýardy: "Beýle duşuşyga näçe sany şepagat uýasynyň mynasyp bolup biljegini hiç göz öňüne getirip bilmeýärin".