Bu hassahana pişikleri we itleri getirmäge rugsat berilýär

Kanadanyň Ontario şäherindäki bir hassahana adatdan daşary "Zakariniň şypa berýän penjejigi" atly proýektde ýer almaga töwekgelçilik etdi. Bu programmanyň esasynda, agyr ýagdaýly hassalara olaryň 4 aýakly dostlary bilen wagt geçirmäge rugsat berilýär.

"Şypa berýän penjejik" ýegeni rak keselinden ýogalan Donna Jenkins tarapyndan guruldy.  Ol oglanjyk hassa wagty daýzasyna onuň itini hassahana getirmek başardypdyr. 4 aýakly dosty Zakariýe täze güýç berip, oňa kyn gününde ýardam beripdir. 

Hassahana girmezden öň her haýwan medisina wekili tarapyndan barlanyp, ýuwup, hassanyň ýanyna goýberilýär, şeýlelik-de hassahanada steril tämizlik barada alada döränok. 

Ol haýwanlar eýeleriniň diňe bir keýpini götermän eýsem, olara ýalňyzlyk we depressiýa ýaly ýagdaýlardan uzak durmagyna kömek berýär.