Dana atanyň dana herekedi

Bir ýaş oglan öýlenmäge karar berýär.

Ol oglan toýuň aladasy bilen ylgap ýören eken.  Bir agşam ol kakasyna ýüzlenýär. 

"Kaka meniň saňa bir haýyşym bar. Men toýuň ähli işlerine ýeke özüm ýetişip bilemok.  Ine, saňa meniň dostlarymyň sanawy. Olara ýekän-ýekän jaň edip meniň toýuma çagyray".

"Bolýar, oglum"- diýip kakasy jogap berýär. 

Toý güni ogly aljyraňňy we gaharly ýagdaýda kakasynyň ýanyna ylgap baryp, zeýrenmäge durýar: "Kaka, men senden ähli dostlarymy toýuma çagyrmagy haýyş edipdim ahyry!"

-Men hut şeýle-de etdim oglum.

-Ýöne meniň saňa beren sanaw kagyzymda 50 adamyň ady bardy, men bolsa, olaryň diňe 15-ni görýärin.

-Jan oglum, men olaryň hemmesine jaň etdim...ähli 50 adama. Hersine seniň haýyşyň boýunça jaň edip, seň şu wagt problemaň barlygyny we saňa goldaw gerekligini aýtdym.  Şeýle-de olara şu wagtda, şu ýere gelmek gerekligini duýdurdym. Şonuň üçin oglum sen alada etme, SENIŇ HEMME DOSTLARYŇ ŞU WAGT ÝANYŇDA!