Göwreli we dul galan aýaly adamsynyň bu suratlarda bolmagyny isleýärdi

ABŞda ýaşaýan Nikol we Deonta Bennet ikinji perzentlerine garaşýardy. Täze çaga dogmanka, Deonta 4 ýaşly ogly bilen ejesine sýurpriz etmek isläp, surat sessiýasyna taýynlanýar.

Ýöne doguma 2 aý galanynda, Deonta pajygaly ýagdaýda aradan çykýar. Nikoly hiç zat köşeşdirip bilmeýär, emma ol çagalary üçin ýaşamaga dowam edip, täzeden ýylgyrmagy başarmalydygyna göz ýetirýär. Şondan soň ol ýoldaşynyň arzuwyny ýerine ýetirmäge karar berýär. 

Suratçy Sidni Konli bir zamanlar Deontanyň Nikola öýlenmek teklip eden parkynda surat sessiýasyny geçirýär. Aradan çykan ýoldaş we kaka hem suratda ýerini almasa bolmazdy.  Edilen işleriň netijesi Sidnini hem ýaşa bogdy: "Men Deontany her surata goşdum. Ol göýä öz maşgalasyny ýokardan yzarlap, olaryň ýagdaýlarynyň oňatlygyny bilmek isleýän ýalydy".

"Men nähilidir bir üýtgeşik zat etmek isläpdim"-diýip Nikol aýdýar. 

-Bu suratlaryň hemmesi meniň oglum üçin kakasy barada ýatlama bolup galar, gyzym üçinem şeýle. Ol kakasyny görmedem ahyry".  Gynandyryjy, emma owadan. Näme bolsa-da, biziň ýakynlarymyz elmydama biziň ýanymyzda.