Sen näçe ýaşyňda we näçe sagat ýatmaly?

Köp ýyllaryň dowamynda bize bagtly oýanmak üçin 8 sagat ýatmagy öwretdiler. Ýakyn wagtda derňewçiler bu jadyly "8" sagada uýmak däl-de, ukynyň hiliniň wajyplygyny öwrendiler we onuň biziň ýaşymyza baglylygyny anykladylar. Sen näçe ýaşyňda we näçe sagat ýatmaly? Barlap gör.

Täze dogan çagajyklar (0–3 aý) – günde 14–17 sagat ;

Ýaş çagalar (4–11 aý) –  günde 12–15 sagat;

Bakja ýaşly çagalar (1–2 ýaş) – günde 11–14 sagat;

Mekdep ýaşyna ýetmedikler (3–5 ýaş) – günde 10–13 sagat;

Çagalar  (6–12 ýaş) – günde 9–12 sagat;

Ýetginjek ýaşly çagalar (13–17 ýaş) – günde 8–10 sagat;

Ýaş adamlar (18–25 ýaş) – günde 7–9 sagat;

Uly adamlar (26–64 ýaş) – günde 7–9 sagat;

Ýaşulular (65+) –günde  7–8 sagat.


Ukynyň hilini ýokarklandyrmak üçin maslahatlar: 

Uky tertibini berk berjaý ediň (dynç günlerinde-de).

Her gün sport bilen meşgullanyň.

Kofeinli içgileri gündiz sagat 3-den soň içmäň.

Ukydan öň gyzgyn duş alyň.

Ukydan 1 sagat öň, ähli elektron enjamlaryňyzy öçüriň.