Ýetmegi kyn ýerleri arassalamagyň peýdaly maslahatlary

Ýetmegi kyn ýerleri arassalamak, olary tozandan uzak tutmak bize uly we soňsuz söweş ýaly gelýär.
Elbet-de biz, bu meseläniň öňünde boýnumyzy egmedik. Kynçylyk bilen arassalaýan ýerleri arassalamagyň gönükdirmelerini siz üçin ýygnadyk.

Žalýuzileri arassalamak

Žalýuzileri arassalamak

Žalýuzileri arassalamak üçin gysgyjyň daşyna çyglanan esgini rezinler bilen berkidip ulanyp bilersiňiz. Bu ýoly professional tämizlikçiler ulanýar. 

Maşynyň inçe we barmasy kyn ýerlerini arasallamak

Maşynyň inçe we barmasy kyn ýerlerini arasallamak

Ulagyň içiniň tämiz görünmegi üçin kiçi göwrümli ýerleri gulak pagtajygy bilen arassalap bilersiňiz.

Klawiatura tämizligi

Klawiatura tämizligi

Klawiaturany arassalamak üçin kagyzjygy iki epip, daş ýüzüne biraz ýelim sürüň. Soňra ýelimli tarapy düwmejikleriň arasynda gezdiriň. Ähli tozan we owuntyklar kagyza ýelmeşer. 

Matras arassaçylygy

Matras arassaçylygy

Matras arassaçylygy üçin onuň üstüne iýmit sodasyny sepeläň. 10 minut garaşyň we tozan sorujy bilen geçiň.

Krandaky yzlary arassalamak

Krandaky yzlary arassalamak

Krandaky yzlary aýyrmak üçin iýmit sodasyny sepip, diş şýotkasy bilen geçiň.

Wannanyň arassaçylygy

Wannanyň arassaçylygy

Wannadaky ýakymsyz yzlardan dynmak üçin limon şiresi bilen iýmit sodasyny garyp, hapa ýere sepiň.  5 minut garaşanyňyzdan soň, şýotka bilen sürüp aýryň.

Wannadaky perdäni arassalamak

Wannadaky perdäni arassalamak

Wannadaky perdäni arassalamak üçin ony kir ýuwujy maşyna beýleki polotenseler bilen atyň. Şeýle etmek bilen perde maşynyň aýlaw tizliginden zyýan görmez we zaýalanmaz.

Linoliumdaky çyrşaklary arassalamak

Linoliumdaky çyrşaklary arassalamak

Linoliumdaky çyrşaklardan dynmak üçin adaty bozgujy ulanyp bilersiňiz.