EJEMJAN ÜÇIN

Bu goşgyny ähli enelerimiz üçin bagyşladym

1. EJEMJAN ÜÇIN

Sylap AMANOW - EJEMJAN ÜÇIN

Dünyämiñ görki sen mähriban ejem

Sana bolan söýgim çäksiz bilyärsiñ

Käteler gaş çytyp gahar etseñde

Senem meni özüñden eý göryärsiñ

Sensiñ ejem ähli zadyn gözbaşy

Kalba dolup duran ylhamym meniñ

Gözleriñde hiç görmäyin göz yaşy

Goý, mydama bagtly diýsin dilleriñ

Goý, mydama güler ýüzüñ solmasyn

Duýmasyn ýüregiñ gam-gussa hiçem

Durmuşda duş gelmän agyr hasrata

Diñe gülüp ýaşa mähriban EJEM

Gülüp ýaşa, söýüp ýaşa EJEMJAN

Seniñ üçin ähli zada kaýyl men

Eger biri ejeñ ýylgyrar diyse

Gaýta-gaýta ölmägede taýyn men

EJE sensiñ gorag perişdäm meniñ

Sen bolsañ ýanymda gaýgy-gam bolmaz

Eger sende ýeke ynjy duýaýsam

Meniñ ýüzüm asla ýylgyryp bilmez

Ýöne seni bilmän ynjydan bolsam

Bagyşla EJEMJAN meniñ günämi

Eger kimdir biri ynjydan bolsa

Üstüne ýykaryn bütin dünýäni

Hemişe söýerin çäksizlik bilen

Ýörelge ederin her bir sözüñi

Goý, mydama bu durmuşda ALLAHYM

Bagtdan ýaña güldürsin señ ýüzüñi

Awtor: Sylap Amanow

#AMANOWSYLAP