10 ýaşyndaky Raşid Al-Hajjawi Ýuwentus bilen ylalaşdy

Bu sezonyň başynda wajyp transferleri durmuşa geçiren Italiýanyň çempiony Ýuwentus (Juventus), bu gezegem 10 ýaşly Palestin asylly Norwegiýaly Raşid Al-Hajjawi bilen ylalaşmaga taýynlanýar.

Italiýanyň pressasynda çykan habarlarda, internetdäki wideolary bilen meşhur bolan 10 ýaşly Raşid Turine geldi we düzümiň 10 ýaşdan kiçi gruppasynda oýnamak üçin Italiýan kluby bilen ylalaşdy.

"Palestinaly Messi" diýlip, tanalýan Raşidiň, öň Liwerpul we Real Madrid türgenleşiklerine hem gatnaşanlygy aýdylýar.