Dünýäniň iň gymmat 10 awtoulagy

Aaaah, gymmat awtomobiller. Bu öz çagaňyzyň ulalyp gymmatlylygy 9000 göterim galmagyna seretmek ýaly. Çynymyzy aýtsak, dünýä bazarlarynda käbir awtoulaglaryň bahalary şu wagtky aýlygymyz bilen ýene-de 202 ýyl işlesek-de ýetip bolmaz.

1. 10. McLaren P1 – 1.1 million $

10. McLaren P1 – 1.1 million $

Bu ebjejigiň 3.8 litr goşa-turbo V8 motory bolup, ol elektrik motor bilen utgaşdyrylandyr. Emma gynanmaň - bu gibrid awtomobili däldir. Bu awtoulagyň 903 at güýji bardyr. Ýokary tizligi - 349 km/s we 0-dan 100 km-e 3 sekuntdan hem az wagtda ýetýär. 

2. 9. Hennesey Venom GT – 1.1 million $

9. Hennesey Venom GT – 1.1 million $

Siz McLareniň 903 at güýjüni geň gören bolsaňyz, bu awtomobiliň 1500 at güýji bardyr. Bu bolsa 3 sany orta ölçegli at fermanyň bir demir gutynyň içine sygdyrylan ýalydyr. 7 litr goşa-turbo V8 hereketlendiriji 0-dan 100 km-e 2 sekuntdan hem az tizlenýär. Ýokary tizlik bolsa 462 km/s. Bu hakykatdanam teker üstündäki uçar. 

3. 8. Zenvo ST1 – 1.2 million $

8. Zenvo ST1 – 1.2 million $

Ýene-de bir 7 litr goşa-turbo V8 möjegi. Munuň näme aňladýänyny bilmeýän adamlar üçin: ýangyjy üçin birgiden pul çykarmaly bolarsyňyz diýmekdir. Öňki awtoulagdan biraz pesräk bolan bu möjegiň ýokary tizligi 375 km/s. 

4. 7. Ferrari LaFerrari – 1.3 million USD

7. Ferrari LaFerrari – 1.3 million USD

Elbetde bu sanawnamada Ferrari hem bolaýmalydyr. Öndürijiniň aýtmagyna görä, bu demir atyň tizligi 350 km/s-dan geçip, Of course there had to be a Ferrari in here. According to the 100 km-e 3 sekuntdan hem az wagtda ýetýär. Munuň tiziligi, Hudaý saklasyn)))

5. 6. Pagani Huayra – 1.3 million $

6. Pagani Huayra – 1.3 million $

Çynymy aýtsam, bahasy üçin, gaty bir geň galdyryjy däl. Oglanlar, aldanaýmaň: onuň "diňe" 730 at güýji, "diňe" 371 km/s ýokary tizligi we diňe 3.2 sekuntda 100 km/s ýetýär. Bahasy bolsa Ferrari ýalydyr. 

6. 5. Koeningsegg One:1 – 2.0 million $

5. Koeningsegg One:1 – 2.0 million $

Indi bolsa gürläbereli. Awtomobil Koeningsegg Agera esasynda gurnaldy, emma öndürijileri at güýjüniň agram gatnaşygyna 1:1 bolmagyny islediler. Bu utanjaň kiçijek gyzjagaz 0-dan 400 km/s ( hawa, hawa, dört ýüz) diňe 20 sekuntda tizlenýär diýmekdir. Eý Hudaý. Meniň awtoulagym bu wagtda 3-nji bada hem geçip ýetişenok. Bu onuň iň ýokary tizligi hem däl - One:1 nitro bilen 453 km/s çenli tizlenip bilýär. Nitrosyz? Kim bilýär. Eger seniň 2 million dollaryňbolsa näme üçin nitrosyz sürjek?

7. 4. Ferrari F60 America – 3.2 million $

4. Ferrari F60 America – 3.2 million $

Amerikanyň bu görnüşi öz azatlygy bilen illeri haýrana goýýar. Awtomobil 0-dan 100-e çenli 3.1 sekuntda tizlenýär. Ferrari mu model üçinentek ýokary tizligi bellemedi. Bahasynyň iki esse bolmagy bolsa bu modeliň La Ferrariden has tizdir diýip pikir etdirdýär. 

8. 3. Bugatti Veyron – 3.4 million $

3. Bugatti Veyron – 3.4 million $

Biziň At Güýç boýunça Soltanymyz, 1200 at güýji. Ýokary tizlik 409 km/s. Bu bolsa göräýmäge ähli wideo oýunlarda saýlanýan iň gowy awtoulaglaryň biridie. 

9. 2. W Motors Lykan Hypersport – 3.4 million $

2. W Motors Lykan Hypersport – 3.4 million $

Bu awtoulag Porşenyň goşa-turbo 3.7 litr hereketlendirijisi bilen üpjün edilendir, bu bolsa awtoulagyň gowydygyna ynandyrýar. Ol 740 at güýjüni çykaryp 385 km/s çenli tizlenip bilýär, 0-dan 100 km-e çenli bolsa 2.8 sekuntda ýetýär. 

10. 1. Lamborghini Veneno – 4 million $

1. Lamborghini Veneno – 4 million $

Hawa, bu satyn alyp baljak iň gymmat awtomobildir. Awtoulag Aventador modelinde esaslandyrylyp bary-ýogy üç: bir gyzyl, bir ak, bir ýaşyl görnüşde öndürildi. Näme üçin? Sebäbi bu Italiýada öndürilýän awtoulag, samsyjak - baýdaklarynyň reňki! Awtoulag karbon süýümlerinden ýasalyp 6.5 litr we  V12 hereketlendirijisi bilen üpjün edilendir. Bu bolsa 750 at güýjüni çykarmaga mümkinçilik berýär.