Finlýandiýa ähli mekdep sapaklaryny ýatyran ilkinji ýurt bolar

Finlýandiýanyň bilim sistemasy dünýäde iň ýokary derejeli hasaplanýar. Bilim derejesini anyklaýyş reýtinglerinde bu ýurduň bilim sistemasy iň prestiž onluga girýär. Bu ýurduň ýerli häkimýeti baky uka gitmekden uzaklaşyp, mekdep sistemasynda hakyky rewolýusiýa geçirmäge karar berdi.

Bilim departamentiniň işgärleri okuw sapaklaryny ýatyrmak isleýärler:  mundan beýlä fizika, matematika, edebiýat, taryh we geografiýa sapaklary geçirilmez. 

Helsinkidäki Bilim departamentiniň başlygy Marýo Killonen bu özgerişlikleri şeýle düşündirýär:  "Könelişen  metod bilen ylym berýän mekdepler bar we ol sistema 1900-njy ýyllaryň başlary üçin örän peýdalydy. Ýöne talaplar üýtgedi we biz XXI asyr üçin ýaramly metod döretmeli".

Aýratyn predmetleriň ýerine okuwçylara hadysalary we wakalary dissiplinalar arasy formatda okadylmak meýilleşdirilýär. Meselem, Ikinji jahan urşy  taryh, geografiýa we matematiki taýdan özleşdiriler.  "Kafede işlemek" kursunyň derňewinde bolsa, okuwçylar kompleksleýin iňlis dili, ekonomika we kommunikatiw (aragatnaşyk) ukyplylyklaryny ösdürerler. 

Bu sistema 16 ýaşly uly synplar üçin girizilip başlar. Ideýa görä, okuwçy gelejeginde özüne gerek boljagyny göz öňünde tutýan temasyny ýa-da wakany saýlap biler. Şeýlelik bilen okuwçylar fizikanyň, himiýanyň doly kursuny geçmän, "Maňa bular gerekmi?" ýa-da "Men bulary näme diýip okaýaryn?" ýaly soraglardan dynarlar. 

Şeýle hem, dessur bolan "mugallym-okuwçy" formaty hem ýok ediler. Okuwçylar öňki ýaly partanyň başynda aljyraňňy ýagdaýda oturyp, mugallymyň ony tagta çagyrmagyna garaşmaz.  Onuň ýerine bu sistema, uly bolmadyk gruppalarda birlikde işleşýän we problemalary ara alyp maslahatlaşýan okuwçylardan ybarat bolar. 

Fin bilim sistemasy kollektiwleýin işewürligi örän goldaýar, şonuň üçin hem bu täze sistema mugallymlaryň işini hem üýtgeder.  Mekdep reformasy dürli predmetleri okadýan mugallymlaryň arasynda bilelikde işleşmegi  talap eder. Helsinkiniň mugallymlarynyň 70% eýýäm informasiýany ýetirmegiň täze sistemasyna taýynlandylar we olaryň aýlyklary ýokarlandyrylar. 

2020 ýyla çenli sistemanyň doly täzelenmegine garaşylýar.

Siz bu sistema nähili garaýarsyňyz? Siziň dürli pikirleriňizi komentlerde görmek gaty gyzykly.