Meşhur brendleriň ilkinji awtoulaglary

1902 ýylyň 17 Oktýabrynda, ýagny 114 ýyl mundan öň Detroitde "Kadillak" brendiniň ilkinji ulagy çykarylýar.

Bu maşynyň maksimal tizligi 48 km/sag bolup, bahasy 750 dollardy.  Goşmaça töleg bilen 2 sany passažir ýeri we epilýän ýumşak ýokarky gapak alyp bolýardy.  Biz brendleriň ilkinji modellerini ýatlamak isledik.

Alfa Romeo — A.L.F.A. 24 h.p. (1910)

Alfa Romeo — A.L.F.A. 24 h.p. (1910)

Belli bolşy ýaly, bu meşhur milan brendiň adynyň ýarysy abbrewiaturadan ybarat.  Başlarda  onuň ady A.L.F.A.- Anonimo Lombardo Fabbrica Automobili, ýagny "Lombardiýa Awtozawody"  diýmek eken. Adynyň ikinji bölegi bu brende A.L.F.A. zawodyny 1951 ýylda satyn alan Nikola Romeodan ýetýär. Ilkinji A.L.F.A.  modeli bolan 24h.p.-2,4 litr göwrümli motor we 24 at güýjüne eýe bolupdyr. Soňraky wagtlarda bu maşyna 4 litrlik motor goýulýar we bu "Alfanyň" tizligi 100 km/sag golaý bolýar. XX asyr üçin erbet tizlik däl.

Aston Martin «Coal Scuttle» (1914)

Aston Martin «Coal Scuttle» (1914)

Bu markanyň adynyň diňe bir bölegi ony döredijiniň adyna eýe. Ikinji bölegi bolsa, 1913 ýylda Aston Klinton depesine uly tizlikde maşynda çykmak ýaryşynda birinji ýere eýe bolan awtodiler Laýonel Martiniň ýeňşinden soň emele gelýär. Ol begenjinden şol wagt diňe kagyz ýüzünde proýekt bolmagyna garamazdan, gelejekdäki ulag modelleriniň adyny Aston Martin diýip atlandyrýar, ýagny ulagyň ady ýaryş we öz familiýasyndan emele gelýär. 

Brendiň ilkinji tehnikasy  Isotta Fraschini atly şassi bolup, onu motory 1,4 litrlik Coventry Simplex.  Laýonel öz maşynyna örän döredijilikli Coal Scuttle (kömür üçin bedrejik) adyny berýär.  Urşuň başlamagy bilen gülki, ýaryşlar we onuň bilen birlikde ulaglaryň öndürilmegi 4 ýyllap ýatyrylýar. 

Audi Type A (1910)

 Audi Type A (1910)

Haçan-da August Horh öz hususy kompaniýasy "Horhuň" direktorlar maslahaty bilen gaty sögüşeninde (sebäbi olar awtoýaryşlary güýji we wagty boşuna harjamak hasap edipdirler), gapyny batly ýapyp, täze kompaniýany döretdi. Latynçada Audi, nemesçede Horch sözi bilen manydaş, ýagny bu işlik- "diňlemek" manysyny berýär. 

Täze kompaniýanyň ilkinji seriýasynyň ulagy "Audi" A tip bolup, motory 2,6 litr eken. 

Bentley 3-liter (1919)

 Bentley 3-liter (1919)

Ady motorynyň güýji däl-de, Bentley 3-litrlik göwrümini aňladýan ilkinji britan awtomobili. Ol Wolter Bentli we onuň dosty Frenk Berjess (öňler Humber firmasynyň ýaryşçysy we konstruktory) tarapyndan döredilýär. 

Ilki başlarda, Bentley Motors öz müşderilerine kuzowsyz şassi hödürleýär eken. Bahasy 1000 funtdan geçýän bu awtomobil, şol wagtlarda awtobazaryň iň gymmat maşyny bolupdyr.  Onuň tizligi sagatda 160 km/sag eken.

BMW 3/15 DA1 (1929)

BMW 3/15 DA1 (1929)

Birinji Jahan urşundan soň, meşhur awiamotor öndürijisi öz güýçli önümçiligini täze sferada ulanmagy meýilleşdirmäge mejbur bolupdyr. Bir mahallar BMW aşhana mebelleri bilen hem meşhullanypdyr, ondan soň motosikllere geçip, 1928 ýylda bolsa, Dixi atly lisenzion ýygyndy bilen meşhullanýan Austin Seven kompaniýasyny satyn alypdyr. Ýagny ilkinji BMW iňlis maşynynyň kanuny kopiýasy bolupdyr. 

Original BMWniň bu modeliniň ady 3/15 DA1 -ol biraz çylşyrymly görünse-de, ony çözmek kyn däl. Ilkinji san-güýç, ikinji san-"atlaryň" sany (at güýji). DA harplar bolsa, nemesçäniň  Deutsche Ausführung abbrewiaturasy- ýagny "Germaniýada ýasalan" manysyny berýär.