Bagt hakynda rowaýat

Bagta garaşmaň, ony gözläň!

1. Bir gezek üç dogan çukuryň içinde oturan Bagty görüpdirler.

Bir gezek üç dogan çukuryň içinde oturan Bagty görüpdirler.

Olaryň birini çukuryň ýanyna gelip, Bagtdan pul isläpdir. Bagt oňa pul baryny beripdir we ol oglan örän bagtly bir ýagdaýda gidipdir. 

Beýleki dogan bolsa, owadan aýal isläpdir.

Bagt ony  uzak garaşdyrman owadan aýal beripdir we ol dogan hem bagtly gidipdir.

Üçünji dogan çukura tarap egilipdir.

-Saňa näme gerek?-diýip Bagt sorapdyr.

-A saňa näme gerek? -diýip dogan sorapdyr.

-Meni bärden çykar-diýip Bagt haýyş edipdir.

Dogan elini uzadyp, Bagty çukurdan çykarypdyr we yzyna seretmän gidipdir. 

Bagt bolsa, onuň yzyndan ylgap, üçünji dogan bilen gidipdir.