Bilbil owazly Mähri Pirgulyýewa durmuş ýoluna gadam basdy

Ülkämiziň ýaş, zehinli we hoş owazly saýrak bilbili Mähri Pirgulyýewa geçen hepde öz saýlan ýigidi Ildar bilen durmuş ýoluna gadam basdy.

Mähri Pirgulyýewa her bir gyzyň arzuwy bolan erteki ýaly toýda Şa gyzlaryndan kem bolmady. Bagtlylygy gözlerinden okap bolýan we gül dizaýnly gelinligi bilen Mähri gözleri gamaşdyrdy. Söwer ýary Ildaryň hem begenji geliniňkiden kem däldi.

Olaryň täze maşgalasyna agzybirlik, berklik we jan saglyk diläp, sungat äleminde bizi begendirmäge dowam etmegini dileýäris.