Bu aýal ýoga bilen meşgullanýar we her gün şerap içýär. Ol 105 ýaşynda.

Eýlin Eşe garry kempirjik diýmäge ynsanyň dilem baranok. Ol köplenç gülýär, açyk sary reňkde Mini Cooper sürýär (bu maşyny ol 90 ýaşynda alypdy) we eýýäm 30 ýyl bäri ýoga bilen meşgullanýar.

Bu ýegşenbe güni ol 105 ýaşady.

Bu ýegşenbe güni ol 105 ýaşady.

Onuň ömrüniň dowamynda 23 premýer-ministr we 4 monarh çalyşdy. Bir wagtlar ol Angliýanyň ýygyndysynda kriket oýnaýardy, emma şu wagt ýogany halaýar. 

BBCniň geçiren söhbetdeşliginde Eýlin ýoganyň diňe bir bedeni däl, eýsem beýni hem berkidýänini aýtdy. Elbet-de uzak ömrüň syryny ol arassa iýmitlenmek bilen baglaýar, şeýle-de her gün birnäçe bulgur şerap içmegi maslahat berýär. 

"Meniň myşsalarym entek agyranok. Belkem, men garran wagtym agyry duýaryn. Ýöne onuň haçan boljagyny hem bilmek islärdim!" -diýip, Eýlin gülýär. Bizem Eýline garrylygynyň örääääään uzak gelejekde bolmagyny dileýäris.