Bu Eýnşteýnyň matalyny adamlaryň diňe 2% çözüp bilýär

Biz "Nätdiňäý!?" topary bolup matal çözmegi diýseň gowy görýäris - bu beýniňi işletmegiň gyzykly ýoludyr. Bu gün biz siziň bilen Eýnşteýn tarapyndan düzülen mataly paýlaşmakçy.

Maslahat: Mataly arkaýyn wagtyňyz çözüň we gaýgylanmaň!

Bu mataly çözmek üçin bir zady ýatlap goýuň - jemi 5 jaý bolup, her bir jaý 5 dürli reňke boýalandyr. Her jaýda dürli milletli adam ýaşaýandyr. Her bir adam belli bir içgi içýär, belli bir çilim çekýär we belli bir haýwany bar. Emma hiç biri deň içgi içmeýär, şol bir çilimi çekmeýär ýa-da deň haýwan saklamaýar. 

Kim balyk saklaýar?

  • Iňlis adam gyzyl reňkli jaýda ýaşaýar. 
  • Şwed adam güjük saklaýar.
  • Daniýaly adam çaý içýär.
  • Ýaşyl jaý ak jaýyň çep tarapynda.
  • Ýaşyl jaýyň eýesi kofe içýär.
  • Pall Mall çekýän adam guş saklaýar.
  • Sary jaýyň eýesi Dunhill çekýär.
  • Ortadaky jaýyň eýesi süýt içýär.
  • Norwegiýaly adam birinji jaýda ýaşaýar.
  • Blend çekýän adam pişik saklaýan adamyň gapdalynda ýaşaýar.
  • At saklaýan adam Dunhill çekýän adamyň gapdalynda ýaşaýar.
  • Bluemaster çekýän adam piwo içýär.
  • Germaniýaly adam Prins çekýär.
  • Norwegiýaly adam gök jaýyň gapdalynda ýaşaýar.
  • Blend çekýän adamyň suw içýän goňşusy bar.


Maslahat: Mataly çözmek üçin ähli mümkinçilikleri ädim-ädim üns bilen aýyrmaly. "Pall Mall, Dunhill, Blend, Bluemaster, Prins" - çilimleriň markalary.