Bu suratlar sizi pikirlendirer- Adam ruhunyň güýji

Adamlar köplenç başga ýurtlaryň durmuşyny göz öňüne getirip bilmeýärler. Käbir ýagdaýda biz daşky dünýäden aýry ýaşaýan ýaly bolýarys. Ýöne ynsanlary birleşdirýän käbir ýagdaýlar bolýar. Biziň ählimiz giň göwrümli üýtgeşik emosiýalar ýaşaýarys-begenç, gynanç, ýigrenç, sussy peslik, ylham.

Hemmämiz ýaşaýyşda öz ýerimizi tapyp, öňümizdäki päsgelçilikleri ýykyp geçmäge çalyşýarys. Bu suratlar ýygyndysy, biziň pikirimizçe biziň emosional dünýämizdäki hallarymyzyň ýaňsymasydyr. Bulary göreniňden soň, ýatdan çykarmak kyn bolup biler.

Hemmämiz ýaşaýyşda öz ýerimizi tapyp, öňümizdäki päsgelçilikleri ýykyp geçmäge çalyşýarys. Bu suratlar ýygyndysy, biziň pikirimizçe biziň emosional dünýämizdäki hallarymyzyň ýaňsymasydyr.  Bulary göreniňden soň, ýatdan çykarmak kyn bolup biler.

Hytaý.   11 ýaşly beýin çişinden ejir çekýän oglanjyk ölüminden soň, öz böwrek we bagryny başgalaryna bagyşlamagy haýyş edýär.  Suratda lukmanlar oňa we ejesine minnetdarlyk bildirýärler. 

17 ýaşly Žan Rouz Kasmir Pentagonyň  ýanynda urşa garşy protestde esgere gül uzadýar. 1967ý.

10 ýaşly gyzjagazyň öz garry adamsyndan aýrylyşyşmagynyň netijesindäki ýylgyryşy.

Öz naharyny gaplaň bilen paýlaşan monah.

Çykanynyň gujagynda ýatan 3 hepdelik albinos çagajyk.

Bali. Ogly ýaly görýän şikesli çagajyga bambuk fleýtasy çalýan adam.

23 sagatlap ýürek transplantasiýa operasiýasyny üstünlikli geçiren hirurg.  Onuň kömekçisi çünkde uklap ýatyr. 

Onuň hassasy diňe bir durmuşda galman, eýsem ony operasiýa edip, 2009 ýylda aradan çykan hirurgdan hem köp ýaşady.

Toý günleriniň ýubileýinden bir gün öň. Adamsynyň mazarynda  oturan aýal.

1936 ýylda Ispan Raýat urşunda eli çagajykly köprüden ylgap barýan žurnalist.

Koreý urşundan 60 ýyl soň aýal öz ýoldaşynyň jesedinden galyndylary gören wagty.

Adamlar bu aýaly özüne kast etmekden goradylar. 

Dünýä parahatçylygy üçin doga edýän 100.000 monah.

Ýangyn söndüriji gyzjagazy halas edýär. ABŞ.

Ýetginjek gyzlar. Tehran.

Efiopiýadaky Mursi tiresiniň aýaly «Vogue» žurnalyny ilkinji gezek görýär.