Diňe bir suratyň kömegi bilen bu mataly çözüp bilersiňizmi?

Beýniňizi türgünleşdirmek üçin kelläňizde 10 sanly meseleleri çözmek hökman däldir. Käwagt ýekeje bir surat we arkasynda gizlenen düşündiriş ýeterlidir.
"Nätdiňäý?!" topary size bu geň mataly çözmäge maslahat berýär.

Yssy tomus günüdi we polisiýanyň detektiwi kölüň kenarynda günüň aşagynda oturyp dynç almagy makul bildi. Birden, gyzyň sesi eşidildi.

“Näme boldy?“ diýip ol aglap oturan gyzdan sorady. ”Köşeşip ähli zatlary bolşy ýaly aýdyp bermegiňizi haýyş edýärin". 

“Size aýtmaga aňsatla” diýip gyzjagaz agysy sebäpli kynçylyk bilen demini aldy. ”Bu bilezik maňa nähili gymmatlydygyny göz öňüne-de getirip hem bilmersiňiz. Men bu ýere her gün gelýärdim. Bu gün men günüň aşagynda ýatyýyn diýip bilezigimi çykaryp kitabymyň üstünde goýdum we tötänleýin uklap galypdyryn. Oýanan wagtym bolsa bilezik ýerinde ýokdy".


Inspektor çuň pikire batdy. Gyzyň ýatan ýeriniň töwereginde gyzyň öz aýak yzlaryndan başga hiç kimiň aýak yzy ýokdy.  Daş-töwerekde hem başga adam ýokdy. Diýmek, kölüň kenaryna elmydama gelýän diňe bir adam bilezigi alan bolmagy ahmaldy. Bu adamlar inspektoryň daşynda diwar ýaly üýşdüler. Ol adamlara seredip dessine bilezigi kimiň alandygyny aňlady.