Diş barada faktlar

Diş barada gyzykly we geň faktlary siziň bilen paýlaşmakçy

1. Adamyň dişiniň berkligi akulanyň dişiniň berkligi ýalydyr.

2. Diş lukmanlary hiç wagt işsiz galmaz - sebäbi adamyň dişi çüýrese "öz-özüni gaýtadan dikeltme" mümkinçiligi ýokdyr.

3. Adamyň eňegindäki muskullar gaty güyçlidir. Biz gaty erbet dişlerimizi gyssak dişimiziň çyzyk açyp döwülmegi mümkindir. Biz çörek iýenimizde dişlerimize 10-15 kg çenli agyrlyk salýandyrys. Hany barlap gorüň döwülyärmikä)).

4. Biziň agzymyzyň içindäki tüýkülik çykarýan mäzler 24 sagadyň dowamynda 1 minut hem durman işleýändirler. Şeylelik bn 24 sagadyň dowamynda 2 litr tüýkülik çykarýandyr. Tüýkülik dişleri we agyz boşlugyny gaty köp mikroplardan goraýandyr. 

5. Iň gymmat diş elbetde adamyň öz dişidir. Şonuň üçin öz dişleriňizi gorap saklaň we wagtynda diş lukmanyna ýüz tutuň. 

6. Isaak Nýutonyň yekeje dişi auksionda 40.000$ satyldy.