Ene-atalary we perzentleri üçin ajaýyp pikirler

Ene-atalar diňe bir gyşarnyksyz mugallymlar däl, şeýle hem käwagtlar perzentleriniň gündelik durmuşyny özgertmäge we has hem ýagtylandyrmaga çemeleşýän ugurtapyjy adamlardyr.
Biz "Nätdiňäý!?" topary bolup gyzykly we ugurtapyjylykly pikirleri bir ýerde toplap, siziň dykgatyňyza ýetirmegi makul bildik.

Çekilýän surat kagyzy

Çekilýän surat kagyzy

Eger siziň çagaňyz surat çekmegi gowy görýän bolsa, onda bu kagyz rulony we surat çarçuwa pikiri siziň göwnüňize ýarar. 

Reňkli krossowkalar

Reňkli krossowkalar

Birnäçe flomasteri we biraz alkogol bilen siz ak krossowkada deňsiz-taýsyz nagyşlary döredip bilersiňiz.

Magnitli käseler

Magnitli käseler

Eger çagalaryňyz aşhanadaky beýik tekjelere elleri ýetmeýän bolsa, magnit we ýelimiň kömegi bilen çagalaryň käselerini özgerdiň. Şeýlelikde olar gap-gaçlary döwmezler, siz bolsa çanaklary metal ýüzlerde goýup bilersiňiz - meselem sowadyjynyň ýüzünde. 

Dökülmeýän stakan

Dökülmeýän stakan

Çagalar sungat bilen meşgullanalarynda, kofeden ýa-da doňdurmadan boşan gapakly gaplary reňkleriň, ýelimleriň ýa-da suwuň dökülmezligi üçin ulanyp bilersiňiz. 

Taýdyrmaýan ýelim

Taýdyrmaýan ýelim

Eger çagalar aýakgabynda taýyp ýykylýan bolsa, gyzgyn ýelim ulanyp aýakgabynyň aşagyna birnäçe çyzyk çyrşap bilersiňiz. Bu bolsa çagalaryň taýyp ýykylmaklarynyň öňüni alar.

Krowat-stol

Krowat-stol

Siz aňsatlyk bilen çagalaryň ýatagyny ýazuw stoluna öwürip bilersiňiz. 

Dermanlary hiç unutma

Dermanlary hiç unutma

Dermanlary wagtly-wagtynda kabul etmegi unutmazlyk üçin, gutyda ähli günleri we mňçberi belläp, derman kabul edilişi aňsatlaşdyrup bilersiňiz. 

Reňkli hekler

Reňkli hekler

Reňkli hekler ellerde we egin-eşikde yzgaldyrýar. Onuň öňüni almak üçin dezodorantdan boşan gutylara salyp bilersiňiz. 

Gamak

Gamak

Beýle gamagy ýönekeý ýorgany ýa-da saçagy ulanyp ýasap bilersiňiz.

Hiňňildik

Hiňňildik

Köne teker we tagta....bar gerek bolany! Bu oýnawaç çagalaryň göwnünden turar, şeýle-de howlyňyzy janlandyrar. 

Suwa düşmek

Suwa düşmek

Hammanyň içine birnäçe yşykly taýaklary oklaň we çagalar suwdan asla çykmak islemezler. 

Köp gatly awto-duralga

Köp gatly awto-duralga

Indi bolsa her oýnawaç awtomobiliň öz duralga ýeri bar.

Torly labirint

Torly labirint

Çagalaryň üýşmeleňi üçin ajaýyp pikir.

Želeli doňdurma

Želeli doňdurma

Tomusyň yssy wagtlary öz eliň bilen ýasalan doňdurma taý geljek zat ýokdur.