Gyzykly maglumatlar

Ýene siziň üçin birnäçe gyzyklyja maglumatlar.

1.Ilkinji gap ýuwujy awtomat 1886-njy ýylda Amerkaly aýal Jozafine tarapyndan ýasalypdyr.

2.Ilkinji ýerasty geçelge dört müň ýyl mundan ozal Yrakda gurlupdyr we onuň uzynlygy 1 kilometr.

3.Beýik Biritaniýanyň "BBC" telokompaniýasy 40 dilde gepleşik taýarlaýar.

4.Ýangyç bilen işleýän ilkinji awtoulag 1886-njy ýylda döredilýär. Şol ýylyn 29-njy ýanwarynda meşhur nems oýlap tapyjysy Karl Bens onuň ygtyýarnamasyny alýar. Iki orunlyk bu ulagyň üç sany tekeri bar eken.

5.Germaniýada 10 millon çaga mekdebe gatnaýar.

6.Dünýädäki iň uzyn köpri Hytay halk resbulkasynda ýerleşýär. Ýurduň Şanhaý - Ninbo şäherlerini birleşdirýän deňizüsti köpriniň uzynlygy 36 kilometrdir.

7.Suw dünýäde ýylylygy saklap bilýän ilkinji maddadyr.

8.Futboluň şasy Pele 1977 ýylyň 1-nji oktýabrynda uly futbol bilen hoşlaşýar.

9.Hindistanyň paýtagty Täze Delide 7.2 milliondan gowrak adam ýaşaýar.

10.Nemsler ýylda 400 milýon kitap satyn alýarlar.

11.Ilkinji batereýi 1800-nji ýylda Alessandora Wolta diýen adam oýlap tapýar.

12.Her ýylyn awgust aýynyň sonky ýekşenbesinde Ispaniýanyň Bunoldo şäherçesinde "pomidor söweşi" baýramçylygy däbe öwrüldi.

13.Ýuwaş ummanyň ortaça çuňlugy 4300 metr çemesidir.

14.Meşhur alym Biruny 5 dil bilipdir.

15.Berlin şäherinde 1660dan gowrak köpri bar.