Iň ýokary derejeli medal bu gyza berildi, olam ýeňiji bolany üçin däl

Ähli zat saýlaw ylgawynda başlandy. Bu ylgaw 5000 metr aralykda bolup, Täze Zelandiýaly Nikki Hambli amerikan ylgaýjysy Ebbi d'Agostino bilen çaknyşypdylar. Nikki eýýäm aýaga galyp ylgamaga taýyndy, emma Ebbiniň ýaralanany we kömege mätäçligini gördi.

Ine, şol wagt hem ol Rio Olimpiadasynyň ýatdan çykmajak pursadyna gol atdy. Nikki Hambli öz bäsdeşine ýerden turmaga kömek edip, oňa:  "Tur, tur!  Finişa tarap ylgamaly!-diýen sözler bilen ýüzlendi. 

Olar hut şeýle hem etdiler we finişe bilelikde ylgap ýetdiler.  Gyzlaryň ikisi finişe iň soňky bolup geldiler. Sebäbi Ebbiniň trawmasy örän agyrdy we ol tregi inwalid oturgyjynda terk etmeli boldy.

Beýle erbet ýagdaýyň bolup geçmegine garamazdan, gyzlaryň ikisi hem finala geçdi. Olara adamkärçilik görkezip, sportuň çuňňur ruhuny ýaňsydanlygy sebäpli Pýer de Kuberten medali laýyk görüldi. Iň esasam, olar bütin dünýä ýaryşlarda hem ýagşylyga, rehimlilige we adamçylyga ýer barlygyny görkezdiler.