Ine, gadymy günlük ulanylýan predmetleriň suratlary

Biz täze tehnologiýalary ulanýarys we olaryň köpsüniň eýýäm ýüzlerçe ýa-da müňlerçe ýyllap barlygyndan habardar däl. Geliň, günlük predmetleriň gadymy görnüşlerine ser salalyň.

Iň gadymy joraplar (1500 ýyl)

Iň gadymy joraplar (1500 ýyl)

Bular müsüriň ýüň joraplary, olary sandali bilen geýmeklik göz öňünde tutulypdyr. Joraplar b.e. 300 we 499 ýyllaryna degişli bolup, olar XIX asyrda tapylypdyr. 

Iň köne ýazga geçirlen resept (5000 ýyl)

Iň köne ýazga geçirlen resept (5000 ýyl)

Bu şumer piwosynyň resepti we ol b.e.öň 3000 ýyla degişli. Piwo örän ajy bolup, onuň içinde ýüzüp ýören çörek bölejiklerini görmek bolýan eken. 

Gadymy güneş aýnekleri (800 ýyl)

Gadymy güneş aýnekleri (800 ýyl)

Bu äýnekler Kanadanyň Baffin topraklarynda tapylýar. Olar güneşiň gara düşüp, serpikdirýän şöhlesinden gözleri goramak üçin oýlap tapylan eken. 

Gadymy köwüş (5500 ýyl)

Gadymy köwüş (5500 ýyl)

Bu sag taý mokasini (çep taýy entegem tapylmadyk) öküz hamyndan ýasalyp, Ermenistanda gowakda tapylýar. Otlar we gury dersleriň saýasyndan zaýalanman biziň günlerimize ýetipdir. 

Iň köne balak (3300 ýyl)

Iň köne balak (3300 ýyl)

Bu balak Günbatar Hytaýda tapylypdyr. Ol ýüň matadan tikilip, çylşyrymly nagyşlar bilen bezelen. Bu balak aziýaly çarwalara degişli bolsa gerek. 

Iň gadymy protez (3000 ýyl)

Iň gadymy protez (3000 ýyl)

Ylmy barlaglara görä, bu gadymy barmaklar kosmetiki taýdan gowy görünmek üçin däl-de, ýöremek üçin ýasalypdyr. Bu barmaklaryň saýasynda adam rahat hereket etmek bilen çäklenmän, eýsem, Müsürde şol döwrüň esasy aýakgaby bolan sandalileri geýmäge hem ukyply bolupdyr. 

Iň gadymy prezerwatiw (370 ýyl)

Iň gadymy prezerwatiw (370 ýyl)

Bu köp ulanyşly prezerwatiw goýun derisinden ýasalyp, 1600 ýyllarda Şwesiýada ulanylypdyr. Biziň günlerimize onuň ulanylyşynyň instruksiýasy latyn dilinde gelip ýetipdir, onda önümiň weneriki kesellerden gaça durulmagy üçin ýyly süýt bilen arasallanmagy maslahat berlipdir.