Iýmite we nahar bişirmäge bolan garaýşyňyzy düýbünden üýtgetjek ugurtapyjy usullar

"Nätdiňäý!?" topary her gezek adamlaryň ugurtapyjylygyna geň galýar. Bu gün siz bilen kiçiräk emma örän ugurtapyjy usullar bilen paýlaşmagy makul bildik.

Iki pizzany birbada bişiriň

Iki pizzany birbada bişiriň

Pizzalary peçe salmazdan öň, olary ikä bölüň. Indiki gezek olary aýratynlykda bişirip wagtyňyzy sarp etmersiňiz.

Doňdurmany ýumşak saklaň

Doňdurmany ýumşak saklaň

Doňdurmanyň sowadyjyda doňmagynyň öňüni almak üçin, agzy ýapylýan plastik paketde saklaň. Indi çemçäňiz daş ýaly desertden döwülmez))

Bankada galan Nutellany dogry iýiň

Bankada galan Nutellany dogry iýiň

Gutaryp barýan süýji şokolatdan boşan gaby zyňmagyň ýerine, içine doňdurma goýuň. Ajaýyp dessert taýýar!

Köke gabynyň bir bölegine süýt guýuň

Köke gabynyň bir bölegine süýt guýuň

Eger kökeleri süýtli stakana salmak üçin uly bolsa, süýdi...kökäniň gabyna guýuň!

Iki kişilik nahary mikro tolkun peçde birbada gyzdyryň

Iki kişilik nahary mikro tolkun peçde birbada gyzdyryň

Ikinji naharly gaby stakanyň üstünde goýup gyzdyryň.

Çarşak ulanyp kökeleri süýtli gaba batyryň

Çarşak ulanyp kökeleri süýtli gaba batyryň

Bu usul esasan hem Oreo ýaly kökeler üçin amatlydyr.

Ýarym açyk pisseleri aňsatlyk bilen açyň

Ýarym açyk pisseleri aňsatlyk bilen açyň

Açmasy agyr bolan pissäni alyň we başga pisseden galan boş ýarym bölegi bilen dilinen ýere salyň - pisse açyk! Indi dyrnagyňyza şikes ýetmez.

Mangonyň gabygyny ýeňillik bilen aýyryň

Mangonyň gabygyny ýeňillik bilen aýyryň

Size gerek bolany bir stakan we eliň güýji. Mango, kiwi we başga meňzeş miweleriň gabygyny ýeňillik bilen arassalap bilersiňiz.

Kökeleri süýde batyryp doňduryň

Kökeleri süýde batyryp doňduryň

Eger kökeleri süýde batyryp birnaçe sagatlyk doňduryja salyp doňdursaňyz, nahardan soň ajaýyp dessert bolar. 

Açylmasy agyr bolan bankalary aňsatlyk bilen açmak

Açylmasy agyr bolan bankalary aňsatlyk bilen açmak

Eger bankanyň gapagyny açyp bilmeseňiz, çemçe ulanyp açyp bilersiňiz. Suratdaky görkezilişi ýaly çemçäni banka bilen gapagyn arasyndaky boşluga salyp basyň. Bankanyň içine howa girenden soň, gapak ýeňillik bilen açylar.

Ýumurtgalary gabygynda bişiriň

Ýumurtgalary gabygynda bişiriň

Gaýnatmak usuly ýumurtgany taýýarlamakda ýeke-täk usul däldir - olary bişirip hem bolýar. Bu usul gaýnatmakdan has köpräk wagt alýar: 25-den 30 minut aralygy we 160°С.