Kakasy oglunyň çeken suratlaryny iň gülkünç hakykata öwürýär

Çagalar göz öňüne getirmegi we surat çekmegi diýseň gowy görýärler. Biziň her birimiz bolsa körpelerimiziň ugurtapyjylyklaryna guwanýarys. Instagramdaky akkaunt bu ýönekeý hakykatyň aýdyň mysalydyr. 6 ýaşly oglanjygyň kakasy oglunyň çeken suratlaryny Instagramda paýlaşýar, soňra bolsa Fotoşop programmasynyň kömegi bilen çaganyň döredijiligini janlandyrýar. Netijede fantastik jandarly, raketaly we awtomobilli üýtgeşik bir älem-jahan.