Koka Kola arkaly işleýän telefon

Daizi Zheng Nokia üçin Koka Kolada işleýän mobil telefonyny taýýarlady!

Daizi Zheng Nokia üçin Koka Kolada işleýän mobil telefonyny taýýarlady! Geň eşdilse-de ol hakykatdan hem işleýär. Zarýat energiýasy uglewodlardan güýç alýar, bir söz bilen aýdanyňda, Koka Kolanyň düzümindäki şekerden. Bu telefony döredeniň aýtmagyna görä, tebigi gurşawy goramak üçin adaty batareýa derek, biologiki taýdan arassa batareý ulanyldy. Bio batareý energiýany fermegenleri katalizator hökmünde ulanyp uglewodlar arkaly toplaýar. Telefony zarýatdan doldurmak üçin ulanyja, bary ýogy süýji suw ýeterlik bolar. Bio batareý adaty Litiý-ion batareýlerden 3-4 esse zarýady köp saklaýar, şeýle hem ekologiki taýdan arassa.