Şäherçä baý turist gelip, oteliň hojaýynyna 100$ girewine berýär we otaglary görmäge çykýar...

Şäherçä baý turist gelip, oteliň hojaýynyna 100$ girewine berýär we otaglary görmäge çykýar...

Oteliň hojaýyny, bir minut hem eglenmän, kupýurany alyp, gassaba tarap bergisini bermäge ylgaýar.

Gassap elindäki kupýura bilen  etiň puluny bermäge fermere ylgaýar.

Fermer awtoulag bejeriş sehiniň eýesiniň ýanyna bergisini bermäge ylgaýar.

Sehiň eýesi ýerli dükana alan iýmitiniň puluny bermäge ylgaýar.

Dükanyň eýesi ylgap, krizis bolany sebäpli dükanynda  karzyna işläp ýören gyzjagazyň aýlygyny berýär.

Gyzjagaz derrew ylgap, oteliň hojaýynyna dükany barlamaga şäherden gelýän audit (barlagçylar) üçin her aý alynýan otaglaryň puluny berýär. 

Şol wagtda, turist otaglary görüp aşak düşüp gelýär, özüne görä otag tapmanlygyny girewine goýan 100$ yzyna sorap alýar we otelden gidýär. Hiç kim hiç zat gazanmasa-da, indi şäherçede bir-birine bergili adam ýok we optimizm bilen gelejege garaýarlar...

Pozitiw boluň! :) :) :)