Söýgi ýyllar boýy ýaşaýandygyny subut edýän 16 meşhur ýyldyz jübütleri

Güýçli nika meşhur ýyldyzlaryň arasynda örän gyt duş gelýär, emma durmuş kynçylyklary, çagalary ösdürmek we bile garramaklyk ýaly ençeme kynçylyklara garamazdan durmuş ýollaryny el-ele tutup dowam edýän meşhur adamlar hem bardyr.
Şu gün, "Nätdiňäý!?" size söýginiň dogrudan hem dowam edip biljegini subut edýän ýyldyzlar bilen tanyşdyrmakçy.

Adriano Çelentano we Klaudia Mori (51 ýyl bilelikde)

Adriano Çelentano we Klaudia Mori (51 ýyl bilelikde)

Dostlary bu jübüdiň söýgüsine diýseň guwanýarlar. "Olar eýýam ençeme ýyllap bile, ýyllaryň geçmegi bilen bolsa olaryň biri-birine bolan söýgüsi has hem artýar" - diýip olaryň dosty belläp geçýär. 

Keit Riçards we Patti Hansen (37 ýyl bilelikde)

Keit Riçards we Patti Hansen (37 ýyl bilelikde)

Keit we Patti soňky 36 ýylyň dowamynda sazlaşykda ýaşap gelýärler. Bilelikde ençeme kynçylyklary ýeňip geçip, bir-birlerini goldap gelýärler. "Keit meni halas etdi. Onuň söýgüsi we pikirleri meni pozitiw energiýa bilen doldurdy, maňa umyt getirip meni depressiýadan halas etdi" diýip Hansen aýdýar.

Maýkl Keýn we Şakira Bakş (43 ýyl bilelikde)

Maýkl Keýn we Şakira Bakş (43 ýyl bilelikde)

Maýkl Keýn ilkinji gezek Şakira Bakşi kofe reklamasynda görýär. Ol onuň owadanlygyna aşyk bolup, dessine gözlemäge başlaýar. Şu gün, olar eýýam 43 ýyldyr bile.

Ozzi Ozborn we Şaron Ozborn (37 ýyl bilelikde)

Ozzi Ozborn we Şaron Ozborn (37 ýyl bilelikde)

Haçanda Ozzi topardan çykarylanda, Şeron onuň işini öz eline aldy we şeýlelikde olaryň arasynda romantiki gatnaşyklar başlandy. 3 ýyldan soň bolsa olar öýlendiler we olaryň 3 çagasy boldy. Ähli kynçylyklara garamazdan olar henizem bilelikde. "Men ony durmuşdan hem has güýçli söýýärin" - diýip Ozzi aýdýar. 

Samuel L. Jakson we LaTanýa Riçardson (36 ýyl bilelikde)

Samuel L. Jakson we LaTanýa Riçardson (36 ýyl bilelikde)

Olaryň nikasy ähli bolup biljek kynçylyklara sezewar boldy. "Haçanda sen 30 ýyllap nikada bolanyňda, seniň: "Ähli zat dowzaha gitsin" diýip çykyp gitmäge doly hakyň bardyr. Sen şeýle-de "Ähli zat dowzaha gitsin, bagyşla meni!" hem diýip bilýärsiň" - diýip Samuel aýdýar. 

Sting we Trudi Staýler (34 ýyl bilelikde)

Sting we Trudi Staýler (34 ýyl bilelikde)

Olar 1982 ýylda duşup, şu wagta çenli bir-birlerinden aýrylmadylar. Sting: "Men hyjuwymy ýeke bir adam üçin saklap biljegime hiç ynanmaýardym. Ýanyňda diňe seniň söýüp biljek we diňe seni söýüp biljek adam bolanda durmuşy hiç zada deňäp bolmaýar".

Jeými Li Körtis we Kristofer Gest (32 ýyl bilelikde)

Jeými Li Körtis we Kristofer Gest (32 ýyl bilelikde)

Haçanda Jeými Li Körtis Gestiň suratlaryny žurnalda görende, ol öz jorasyna: "Men şu oglana durmuşa çykaryn!" diýip aýdypdyr. Soňra jübüt duşuşdylar, bir birini söýdüler we öýlendiler.

Kewin Beýkon we Kira Sedwik (28 ýyl bilelikde)

Kewin Beýkon we Kira Sedwik (28 ýyl bilelikde)

Kewin Kiranyň göwnüne ýarajak bolup örän köp wagt sarp etdi. Emma Kewin hiç ruhdan düşmedi, ahyrsoňy aktrisa oňa mümkinçilik berdi. Soňra jübüt duşdmaga başlady, şu wagt bolsa olaryň iki çagasy bar.

Hýu Laru we Jo Grin (27 ýyl bilelikde)

Hýu Laru we Jo Grin (27 ýyl bilelikde)

Hugh Laurie and Jo Green try to spend as much time together as possible, even though their marriage went through some difficult times. «Jo and I complete each other perfectly. And I feel that over the years, we have become closer,» says Laurie.

Liza Kudrow we Miçel Stern (21 ýyl bilelikde)

Liza Kudrow we Miçel Stern (21 ýyl bilelikde)

Olar 1987 ýylda duşuşdylar, emma Liza muňa çynlakaý garamady. Birnäçe ýyldan soň olar ýene-de "Dostlar" teleserialynyň düşürilişinde duşuşdylar. Soňra olar üýlendiler we şu wagt bir ogullary bar.

Sindi Krouford we Rand Gerber (21 ýyl bilelikde)

Sindi Krouford we Rand Gerber (21 ýyl bilelikde)

Olar 1995 ýylda duşuşmaga başladylar we üç ýyldan soň Krouford durmuşa çykmak isledi. Netije: 18 ýyl nika we iki çaga. "Bu meniň dostluk hökmünde başlan iň birinji romantik gatnaşyklarym. Nikaňyz üçin mäkäm gatnaşyklary hiç tapmarsyňyz" - diýip Sindi aýdýar.

Sara Mişel Gellar we Freddi Prinze Jr. (19 ýyl bilelikde)

Sara Mişel Gellar we Freddi Prinze Jr. (19 ýyl bilelikde)

Bu jübüt ähli wagtlaryny bile geçirmäge çemeleşýärler we köpçülikde hiç örän az görünýärler. 

Jeýms Beluşi we Jennifer Sloan (18 ýyl bilelikde)

Jeýms Beluşi we Jennifer Sloan (18 ýyl bilelikde)

1998 ýylda Beluşi Jennifer Sloana öýlenmek bilen ahyr öz bagtyna duşdy. Olaryň iki çagasy bar. "Meniň aýalym ynanar ýalt däl. Ol maňa iň wajyp zady öwretdi - söýmegi!" diýip Jeýms aýdýar.

Ben Stiller we Kristin Teýlor (17 ýyl bilelikde)

Ben Stiller we Kristin Teýlor (17 ýyl bilelikde)

Olar bir dabarada duşuşdylar we soňra munuň ykbaldygyna düşündiler. Ondan soň 17 ýyl geçdi we ikisi bile käbir kinoda düşdüler, şu wagt bolsa iki çagalary bar.

Beyons we Jay Z (14 ýyl bilelikde)

Beyons we Jay Z (14 ýyl bilelikde)

Olar 2002 ýylda duşuşdylar we öz gatnaşyklaryny ençeme wagtlap köpçülikden gizlin sakladylar. Jübüt şahsy durmuşlary hakynda başgalar bilen paýlaşmak islemeýärler. Belki-de dowamly we berk gatnaşyklaryň syry - durmuşyňdan özge kişileri daşda saklamak bolup durýandyr.

Robert Dawni Jr. we Sýuzan Lewin (13 ýyl bilelikde)

Robert Dawni Jr. we Sýuzan Lewin (13 ýyl bilelikde)

Sýuzana duşmak Roberdiň başyna aýratyn bir gudrat hökmünde geldi. "Keýwanysyz iki hepde?  Ýok bu örän örän uzak!" diýip Robert aýdýar.