"Ýeke Özi Öýde" kino-filminiň 13 syry

"Ýeke Özi Öýde" filmini görmek üçin aýratyn bir sebäp gerek bolmadyk komediýalaryň biridir. Ugurtapyjy oglanjyk, Kewin, we onuň akmak jenaýatçy dostlary hakynda kino filmini her Täze Ýyl baýramçylyk günlerinde gaýtadan görýäris.

Kinofilm hatda döwrüň iň gowy filmi hökmünde Ginnesiň Rekordlar kitabyna girdi. Eger-de siz hem "Nätdiňäý?!" topary ýaly bolsaňyz, onda ýakyn wagtda bu filmi million gezek gaýtadan görjegiňize ynanýarys. Gepiň gysgasy, bu film hakynda birnäçe geň galdyryjy faktlary bilmeýändigiňiz mese mälimdir.

Bazyň (Kewiniň agasy) söýgülisi hakykatda gyz däl-de filmiň çeperçilik direktorynyň ogludy. Oglanjygy gyzyň eşigine geýdirip surata düşürdiler. Sebäbi direktor gyzjagazyň suratyny ulanyp onuň göwnüne degmek islemedi.

Aktýor Jo Peşi (Garriniň roluny oýnaýan) maşgala filminde düşýändigini köplenç unudýardy, we filmiň dowamylygynda köplenç "fuck" sözüni aýdýardy. Režisýor ol sözüň ýerine "fridge" (sowadyjy) diýmegi maslahat berdi.

Filmi has hem realistik etmek üçin, Jo Peşi, Makaleý Kalkiniň (Kewin) gorkmagyny isleýärdi. Şol sebäpli filmiň düşürilişinde Makaleýiň gözüne az görünýärdi. Bir gezek, Peşi çaga aktýory tötänlikden ýaralady. Bu waka iki jenaýatçy Kewini gapydaky asgyça asmaly ýerini türgünleşýän wagtlary ýüze çykýar. Şol ýerde Peşiniň gahrymany: "Men seniň eliňdäki ähli barmaklaryňy bir-birden dişläp gopararyn" diýýär. Ahyrsoňy, ol hakykatdan hem Makaleýiň barmagyny dişläp ganadýar. 

Kewiniň gören "Gara Ruhly Melekler" atly filmi hakykatda film däl. Gangsterler filminden gysgajyk sahna ýörite "Ýeke Özi Öýde" filminde ulanmak üçin düşürildi. 

Marwyň ýüzünden ýöräp geçen tarantula möýi hakykydy. Möýi gorkuzmazlyk üçin, aktýor Daniel Stern hakykatdan hem erbet gorkyny suratlandyrmak maksady bilen ýüzüni üýtgedýär. Onuň gykylygy bolsa soňra montaž edilip goşuldy.

Film Çikagonyň ähli künjeklerinde düşürildi. Pariždäki howa menzili sahnasy bolsa hakykatda Çikagonyň O'Hare Halkara Howa Menzilidir. Kaşaň biznes klas oturgyçlary aslynda ýerli mekdebiň basketbol meýdançasynda gurnalyp düşürildi. Şeýle hem, Kewin suw alýan öýüniň zemininden ylgap geçýän sahnasy üçin mekdebiň suw howuzy ornaşdyrlyp ulanylypdyr. 

Kewiniň maşgalasynyň ýaşan jaýynyň hakyky adresi - Illinois ştat, Winnetka şäheriniň baý raýonyndaky 671 Linkoln şaýoly. Üç gatly jaý bir maşgala tarapynda gurlup, 2011-nji ýylda 2.4 million dollar baha bilen satlyga çykarylyp, 2012-nji ýylda 1.585 million dollara satyldy. Şu wagt bu jaý turistleriň görnükli ýeridir.

Garriniň roly başda Robert De Niro we Jon Lowitza hödür edildi, emma olaryň ikisi hem inkär etdiler.

Makaleý Kalkiniň süýtdeş dogany, Kieran, filmde elmydama düşegini ölleýän ýegeni - Fulleriň roluny oýnaýar. 

Filmdäki "Talkboy" ses ýazyjy enjamy aslynda bolmadyk enjamdy we işlemeýän oýnawaç hökmünde film üçin döredildi. Emma, film muşdaklarynyň aglabasy bu guraly edinmek isleýärdiler, birnäçe ýyldan soň bolsa bu enjam dükanlarda peýda boldy. 

Käbir adamlar kinoda Elwis Preslini görüp bolýandygyny ynandyrýarlar. "RoknRoll Şasynyň" ýogalandygyna ynanmaýan adamlaryň köpüsi Kewiniň ejesiniň howa menziliniň işgärine gygyrýan wagty arkasynda aýdymçynyň durandygyny ynandyrýarlar. 

Marwyň basýan Täze Ýyl "bezeg oýnawaçlary" aslynda süýjüden ýasalandyr. Emma howpsuzlygy saklamak üçin, aktýor Daniel Ştern aýak ýalaňaç düşmeli sahnalarda ýörite rezinden ýasalan plastinalary dakynmaly bolýar.

Öýde gurnalmaly ähli hinleri we gapanlary suratlandyrýan kartany Makaleý Kalkiniň hut özi çekýär.