55 ýaşyndaky Ene üçem dogurdy

55 ýaşyndaky Ene Şeron Katts üçem çagajyk dünýä inderdi. EKO (emeli tohumlandyrma) bejergisini alyp eje bolan Katts, Angliýanyň iň uly ýaşly ejesi adyny aldy.

2 oglan 1 gyz çagasyny dünýä inderen Şeron,  göwreliligini bileninde köp çagaly boljaklygyny aňýardy, emma 3 sany ýürek uruş sesini eşideninde şok geçirenligini we aglanyny belläp geçýär.  21 Martda emeli dogum (Kesarewo ýoly) bilen dünýä gelen Meýson, Raýan we Lili atly bäbekler örän sagdyn. 

Ýaşy sebäpli riskli ýagdaýda bolan Şeron, göwreliliginiň ilkinji wagtlarynda 11 hepde hassahanada bolanyny, emma serenjamyny hem ünsden düşürmänligini aýdýar. 

Hassahanada ýatyrka botoks etdiren Katts: "Çagalarym meni göreninde owadan bolmak isledim" diýýär.

Eýýäm 4 sany ýetişen çagalary bolan Kattsyň ýoldaşy bolsa, 40 ýaşynda.