Audi zawodyny suw aldy

Germaniýanyň günorta-günbataryndan ýerleşýän Baden-Wuerttemberg böleginde ýagan güýçli ýagyş ýaşaýyşy duruzdy.

Suw alma we sil sebäpli 4 adam wepat boldy.  Germaniýanyň lýuks awtoulag öndürijisi Audiniň Nekarsulm zawodyndaky önümçilik bolsa, suw almagy sebäpli duruzyldy.

A4, A5, A6, A7 we A8 modellerini bilen birlikde R8 we RS  modelleriň hem öndürilýän zawodynda, aglaba bölegi agşam ýagan ýagyş sebäpli, agzalyp geçilen modeller suwuň astynda galdy. Zawodyň sözçi wekili bu ýagdaýyň haçan düzelip, zawodyň haçan işe başlajaklygy we bu ýagdaýdan näçe adamyň zyýan çekjegini habar bermedi.

Geçen ýyl 272 müň 103 ulagyň çykarylan zawodynda 16 müň adam işleýärdi.

Audi