Hindistanly bu milliarder "Ýylyň Bossy" adyna mynasyp. Ine, onuň sebäbi.

Dünýäde "iň gowy boss (başlyk)" dogrudanam hem bar! Almaz eksporty bilen meşgullanýan "H.K.Exports" kompaniýasynyň başlygy Sawji Dholakia diňe bir özüniň millardlary bilen meşhur bolman, eýsem öz adatdan daşary jomartlygy bilen tapawutlanýar.

Onuň öz işgärlerine bolan gatnaşygy bizi özüne çekdi, hat-da biz olara biraz göribem bolduk diýip bileris. :)

Ýakynda almaz imperiýasynyň müdiri öz iň gowy işgärlerine jomart sowgatlar etdi, olaryň arasynda: ýuwelir şaýlar, şeýle-de maşyn we kwartiralar bar. Elbet-de, beýle sahylygy köp kompaniýa edýär. Emma bu milliarderiň sahylygynyň göwrümi beýlekileriňkä deňäp bolmajaga meňzeýär. Sowgatlardan ýüzlerçe adam öz paýyny aldy. 

Şeýle-de, bu bir gezeklik bir hereket däldi.  Görülip otursa, soňky birnäçe ýylda, Sawji öz işgärlerine 400 kwartira we 1260 sany maşyn gutlapdyr we bu diňe başlangyç.  Indiki  5 ýylyň dowamynda kompaniýada işleýän her adamy kwartira we ulag bilen üpjün etmek meýilleşdirilýär. 

Sowgatlaryň gowşurylyş çäresi milli Diwali baýramçylygynda ine, şeýle geçirildi.  Bu güni Sawjiniň işgärleri ömür boýy ýatlajagy şübhesiz.

"Bu surat meniň iň söýgüli suratlarymyň biri-diýip milliarder aýdýar.  - Biziň ählimiz "H.K." kompaniýasynda şu güler ýüzleri her gün görmek üçin işleýäris."