Sil Parižde ýaşaýşy duruzdy

Fransiýanyň paýtagty Parižde güýçli ýagyşlar sebäpli medeni ýerler ýapyldy, öýsüzlere bolsa, gaçybatalgalar berildi.

Parižiň simwollarynyň biri bolan Sein derýasynda suwuň derejesi güýçli ýagyş sebäpli howply ýagdaýda ýokarlandy.  Derýanyň aýagynda ýerleşen heýkelleriň aglabasy suwuň aşagynda galdy, polisiýa bolsa, günüň dowamynda gaýyklar bilen howpsuzlyk gözegçiligini edýär. 

Parižde ertir irden şu wagta çenli sagatda 2 sm ýokarlanan derýanyň, agşam maksimum 6.50 metre ýetmegi garaşylýar.  Parižiň töwereginde suw daşmalary sebäpli käbir ýollar ýapyldy, Seine derýasynyň ýakasyndaky gezim gaýyklary we restoranlar ýapyldy. 

Parižiň häkimi Anne Hidalgo, halkyň howpsuzlyk astyndalygyny we gorkulyk ýagdaýyň ýoklugyny aýtdy. Hidalgo şeýle-de, öýsüzleriň sygynmagy üçin 2 sany sport salony taýynlatdy.

Fransiýa