Biz Hakda

Türkmenistanyň Ilkinji Sosial Maglumat Platformasy

Natdinay 2016 ýylyň 16-njy martynda Türkmenistanyň ilkinji milli we Türkmen dilinde, makala esasly sosial tory hökmünde işe başlady. Natdinay'da ulanyjylar ähli internetiň dürli temaly meşhur habar, surat we wideolaryna bir nokatdan girip, gyzykly sowalnamaly çözmek bilen bir wagtda Natdinay'iň içindäki ähli makalalaryny okap bilerler. 

Siz hem agzalyk açyp, göwnüňize ýaran makalalary Natdinay'a ýerleşdirip bilersiňiz. Natdinay'däki makalalary saýlananlaryňyza goşup, teswir ýazyp, başga ulanyjylary yzarlap olaryň ýerleşdiren makalalaryny rahatlyk bilen okap bilersiňiz we sosial media hasaplaryňyzdan paýlaşyp bilersiňiz. Siz hem Türkmenistanda internet fenomi derejesine gelip, paýlaşan maglumatlaryňyzyň kömegi bilen ençeme yzarlaýjyňyza ýetip bilersiňiz.

Natdinay Ýerleşdirme Ýörelgeleri

Dogrulyk:
Websaýtda ýer alan habarlar we maglumatlar gözden we barlagdan geçirilmän neşire çykarylmaz. Buňa görä, adamlara diňe dogry, hakyky we bitarap maglumatlar bilen üpjün etmek biziň başlangyjymyzdyr.

Hormat:
Makalalarda hiç kimi: milletparazlyk, jynsparazlyk, ýaşy, saglygy, syýasy gözýetimini, syýasi görüşleri, dini ynyçlary bilen kemsitmek üçin niýetlenen maglumatlar bolmaýar. Çagalar, şikesliler ýaly has üns berilmesi gerek bolan toparlara zyýan ýetirip biljek maglumatlary asla ýerleşdirmeris. 

Maglumat we aýratyn hem habarlarymyzda, dini we ahlak temalarda, duşmanlyk we ýigrenç döredip biljek, Türkmenistanyň milli birligini we agzybirligini bozup biljek maglumatlaryň ýerleşdirilmegine hiç rugsat bermeris.

Kişi Haklary;
Hyzmatlarymyzyň ahli alamatlarynda, ynanja we esasy adam haklaryna hormat goýulmasyna üns berýäris. Makala we habarlarymyzda, kişileri we guramalary kemsidýän ýa-da töhmet häsiýetli maglumatlaryň ýerleşdirilmegine ýol bermeýaris. 


Döwletiňe we Milletiňe Baglylyk:
Natdinay.com ýolbaşçylary we redaktorlary Türkmenistan Döwletine we Türkmen milletine bagly kişilerdir. Buňa görä, özleriniň ýad-a agzalarynyň ýerleşdiren maglumatlarynda Türkmenistan Döwletine, kanunaryna we halkyna dil ýetirýän maglumatlara hiç ýer bermezler.