Ähli zady dadyp gördüm diýeniňde, "Hyýarpyz" hakynda oýlanyp bir gör

Tebigat enaýyja miweleri we gök-önümleri käte döredip durmaýar, emma gürrüň "hyýarpyz" hakynda gidende, ol hakykatdan hem üstünlik gazanypdyr. Bu miwäniň diňe bir daşy däl, eýsem tagamy hem diýseň ajaýyp. Biziň ählimiz dadyp göresimiz gelip dur.

Tagamy edil hyýar we sitrus miwesi ýalydyr. Hyýarpyzlar başgaça "Meksikan kornişon" we "syçan gawuny" atlandyrylýarlar. 

Onuň garpyzyňky we hyýaryňky ýaly genleri bolup, her bir miwesi üzümden uly däldir. Emma reňki bolsa edil garpyzyňky ýalydyr. 

"Hyýarpyzy" özüňiz ösdürmek örän aňsatdyr. Bu arzan ösümlik bolup, wagtyň geçmegi bilen kiçijek garpyzjyklar bilen üpjün eder. 

"Hyýarpyzlar" edil üzüm iýşiňiz ýaly öz-özüni iýip bolar, ýa-da maşga gök önümler bilen garyp, salada goşup bilersiňiz.