Dessine geýip görmek islejek eşikleriňiz

Dünýäde şeýle bir köp sanda kreatiw işler barka olary size üznüksiz ýetirip durmak bizi hoşal edýär. Bu gezegem size adatdan daşary, dessine geýmek islejek eşikleriňiziň ýygynydysyny hödürleýäris.

Ganatly arka torbasy

Ganatly arka torbasy

Guş bolup uçup, asmanda ganat kakmagy arzuw etmedik barmyka? Bu örän geň arka torbasy ýüňden ýasalan. Ol belki sizi uçurmaz, ýöne birnäçe adamyň size tarap öwrülenini görersiňiz. 

Ýedinorog öý köwüşleri

Ýedinorog öý köwüşleri

Sen öz durmuşyňda kiçijik jadylygyň ýetmeýänligini hakda oýlanýarmyň? Onda sen bu ýedinorog köwüşlerden edin. Olar sowuk günde aýaklaryňy ýylyjak saklap, ýoluňy ýagtylandyrmaga kömek eder. 

Üstünde ýatyp bolýan kapýuşonlar

Üstünde ýatyp bolýan kapýuşonlar

Bu adaty görünýän kapýuşonlaryň ýerine syýahat etmegi halaýanlar üçin hiç zat geçip bilmez. Ukysy gelen jahankeşde bir hereketde bu kapýuşonjygy ýassyga öwrüp biler. Örän kreatiw dälmi?

Sungat eseri etek

Sungat eseri etek

Sungat eserleriniň diňe diwarlar üçin niýetlenendigini kim aýdýar? Bir indoneziýaly butik bu ideýany eşiklere geçirmegi başardy we olarda örän owadan etekler çykdy.  Ol eteklerde Wan Gog, Pikasso, Da Winçiniň suratlary print edilen. Sungat söýüjiler bu etekleriň eýesi bolmaklyga garaşyp bilýän däldir. 

"Süýji joraplar"

"Süýji joraplar"

Bulkalar, dalçynly bulkalar, pizza bölekleri-bularyň ählisi jorap görnüşleri bolan kreatiw eserler. Emma ägä boluň- aýagyňyza seredip, ajygyp bilersiňiz. Duýdurmadylar diýmäň!

Ombre joraplar

Ombre joraplar

Bu joraplar siziň günlük keýpiňize görä, sizi ýürek gysgynç gyş eşiklerini geýýän adamlardan saýlanar ýaly eder.