Dünýäde deňi-taýy ýok ýüzükler

Kanadanyň "Secret Wood" kompaniýasynda hakyky jadygöýler işleýän bolmaga çemeli. Olaryň bütin tebigaty, daglary, deňizleri, depeleri düzleri bir ýüzük gaşynda gizlemäge mümkinçilik berýän tehnikalary bar. Netije bolsa, ynanar ýaly däl.

Bu ýüzükler el işi bolup, tebigy agaçdan we gymmat baha daşlaryň şepbiginden ýasalan. Bu tehnika her ýüzügi taýsyz etmäge ýardam berýär. 

Her ýüzügiň içi aýratyn bir älem. Olaryň atlary öz ýerine gepleýär: "Jadyly tokaý", "Şemalyň walsy", "Suwasty dünýä".

Ýüzükleriň her görnüşi online şekilde zakaz edilip, bahasy 90$ başlanýar. 

Siz bu ýüzüklere soňsuz seredip, her bakanyňyzda täze element görüp bilersiňiz.