Erkekleriň gaharyny getirýän Zenan eşiklerindäki bolgusyzlyklar

Zenanlaryň käbir egin-eşik görnüşlerini erkekler halamaýarlar we düşünmeýärler. Emma käwagt olar bu barada aýdyp bilmeýärler, ýa-da söýgüli ýarlaryna bu hakda aýtmagy gelşiksiz diýip pikir edýärler. "Nätdiňäý?!" topary erkekleriň žurnallaryny we forumlaryny derňäp, adamzadyň güýçli bölegini has hem ýigrendirýän zenan egin-eşikleriniň sanawyny düzdi. Hawa, olar siziň näme geýýäniňiz barada üns berýärler. ☺

Leggingsler we düşnüksiz balaklar

Leggingsler we düşnüksiz balaklar

Giň ýaýran pikire garamazdan, erkekler zenanlaryň balak geýmeklerine garşy däl. Emma käbir görnüşleri olaryň göwnünden turmaýar: halta ýaly balaklar we legginsler. Birinjisi bedeniň formasyny üýtgedýär, ikinjisi bolsa aýalda bolmaly syrdan mahrum edýär. 

Erkek köýnegi sypatly zenan köýnekleri we Futbolka köýnekleri

Erkek köýnegi sypatly zenan köýnekleri we Futbolka köýnekleri

Haçanda erkekler zenanlaryň beýle köýnekleri geýen wagtlaryny görenlerinde: "bu köýnekmi ýa-da giň futbolkamy? Eger-de ikinji bolsa, näme üçin ol balak geýmeýär?" diýen soragy berýärler.

Kolgotkalaryň üstünden şorty geýmek

Kolgotkalaryň üstünden şorty geýmek

Adamzadyň güýçli bölegi muňa hiç düşünmez. Belki aýallaryň pikiriçe şortylar diňe bir tomus eşigi däldir, emma erkekleriň pikiriçe gyzlar ädikde we telpekde birtüýsli görünýärler. 

Barbi gyrmyzysy

Barbi gyrmyzysy

Belki hem geň görersiňiz welin, emman erkekler gyz reňkleriniň içinden gyrmyzyny has hem halamaýarlar. 

Ýaldyrawukly egin-eşikler

Ýaldyrawukly egin-eşikler

Eşiklerdäki ýaldyrawuklaryň bolçulygy erkekleri çaşyrýar we olar üçin çakdanaşa bolup görünýär.  Olar ýaldyrawuklary Täze Ýyl baýramy we çagalyk bilen utgaşdyrýarlar. Söýgülileri beýle eşikleri geýenlerinde olary elläme de gorkýan wagtlary bolýar. 

Monžetlar, kružewalar, rýuşka, bantikler

Monžetlar, kružewalar, rýuşka, bantikler

Eger kružewalary, rýuşkalary, bantikleri gowy görýän bolsaňyz, duşuşyklara beýle eşikleri geýmekden saklanyň. Belli bolşy ýaly, erkekleriň bu zatlardan göwünleri turmaýar. 

Ýyrtyk egin-eşikler

Ýyrtyk egin-eşikler

Ýene-de erkekleriň hiç düşünmeýän zady: ýyrtyk jynsylar we geleňsiz görünýän eşikler. Eger siziň ýaryňyz bu stiliň haýrany bolmasa, gowusy beýle eşiklerden daşrak duruň.

Mini ýubkalar

Mini ýubkalar

Geň galaýmaga, miniýubkalar antiseksual egin-eşikleriň sanawyna girýär. Erkekler "hiç zady bukmaýan" ýubkalara düşünmeýärler. 

Uggi ädikleri

Uggi ädikleri

Şekilsiz bolany sebäpli, Uggi ädikleri erkekleriň arasynda halanmaýar. Bu ýüň ädikler aýakda bolmaly däl göwrüm goşýarlar. Erkekler bolsa ýigrenji diýip hasap edýärler. 

Beýik ökjeli ädikler

Beýik ökjeli ädikler

Bu ädikler erkekler üçin örän agressiw görünip, striptizýorşalar bilen baglanyşdyrýarlar.

Erkekler üçin näme ýakymly?

Erkekler üçin näme ýakymly?

Käbir zarlar elmydama modadan çykmaýar: inçejik jynsylar we köýnekler, agşam köýnekleri, jaň formaly köýnekler, bluzkalar we däli dizaýneriň pikiriçe öndürilmedik egin-eşikler. Mundan başga-da, bu egin-eşikler köplenç gymmat görünip köp kişä gelişýär.